Günorta Koreýanyň Birleşme ministri Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglary barada beýanat berdi

Günorta Koreýanyň Birleşme ministri Ço Mýoung-Gýon, Demirgazyk Koreýanyň 20 bilen 60 aralygynda ýadro bombasynyň bardygyny çak edýändiklerini habar berdi

1060525
Günorta Koreýanyň Birleşme ministri Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglary barada beýanat berdi

Ço, parlamentde deputatlaryň biriniň Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglary bilen baglanşykly soragyna, Demirgazyk Koreýanyň 20 bilen 60 aralygynda ýadro bombasynyň bardygyny çak edýändiklerini beýan etdi.

Günorta Koreýanyň Birleşme ministrliginden berilen beýanatda, Çonyň sözleriniň, Günorta Koreýanyň Demirgazygy bir ýadro döwleti hökmünde görýändigini aňlatmaýandygy mälim edildi.

Günorta Koreýanyň Döwlet baştutany Mun Çže In bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn geçen aý Demirgazyk Koreýanyň paýtagty Phenýanda duşuşyk geçiripdiler.

Duşuşykdan soň çap edilen umumy jarnamada, ABŞ-niň gerek bolan ädimleri eden halatynda, Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglardan saplanmagy babatynda has köp ädim etjekdigi beýan edilipdi.

Günorta Koreýa bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda 1953-nji ýylda gol çekişilen od açmazlyk baradaky şertnama bilen söweş bes edilen hem bolsa, parahatçylyk ylalaşygyna gol çekilmändigi üçin söweşiň tehniki ýagdaýda entegem dowam edýändigi kabul edilýär.



Degişli Habarlar