Idlibe garşy hüjümler dowam edýär

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçler we olara goldaw berýän daşary ýurtly terrorçy toparlar, Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynda parahatçylygy gorap saklamak üçin gazanylan ylalaşyga garamazdan sebite garşy hüjüm gurap, asuda ilat ýitgisine sebäp bolýar

1057383
Idlibe garşy hüjümler dowam edýär

Ynamly çeşmeler hüjümleriň dowam edýän ýerleriň, Hamanyň Latamne we Ebu Ubeýde, Halapyň Raşidin we Kefer Hamra, Idlibiň Temania, Tel Merak we Latakiýanyň Kürtdagy etrapladygy mälim edildi.

17-nji sentýabrda Russiýa bilen gazanylan Idlibde ýaraglardan saplanan zolagyň emele getirilmegini öz düzüminde jemleýän ylalaşagy garamazdan, hüjümleriň az hem bolsa dowam edýändigi we hüjümlerde asuda ilatdan 1 adamyň ýogalandygy, 6 adamyň bolsa ýaralanandygy habar berildi.

Sebitdäki oppozisioner we Heýet Tahrir Damask toparlar hüjümlere garşylyk görkezip, hüjüm guraýarlar.


Etiketkalar: #Başar Asad , #Hama , #Latakiýa , #Idlib

Degişli Habarlar