Eýranyň Nebit ministri ýurdunyň nebit satuwy bilen bagly beýanat berdi

Eýranyň Nebit ministri Bižen Zengene, Günorta Koreýadan daşary hiçbir ýurdyň Eýrandan nebit almagyny bes etmedigini habar berdi

1056180
Eýranyň Nebit ministri ýurdunyň nebit satuwy bilen bagly beýanat berdi

Ýurdyň paýtagty Tähranda nebit-himiýa önümleriniň sergilenýän sergä gatnaşan Zengene, ABŞ-niň sanksiýalary we Eýranyň nebit satuwy bilen bagly beýanat berdi.

Günorta Koreýanyň soňky 3 aýdan bäri Eýrandan nebit almandygyny aýdan Zengene, resmi Seuldan daşary nebit almagyny bes eden ýurdyň bolmandygyny mälim etdi.

Eýranyň nebitiniň orta möhletde deaktiwasiýa bolmagynyň mümkin bolmandygyny aýdan Zengene, gysga möhletde bolsa ABŞ-niň 1 aý ýaly simwoliki bir möhlet üçin hem bolsa Eýranyň nebit satuwyny duruzmagy meýilleşdirýändigini, emma Amerikanyň bu arzuwynyň hiç wagt hasyl bolmajakdygyny habar berdi.

Zengene çig nebitiň bazara çykarylmagy babatynda mejlisiň, kazyýetiň we hökümetiň meňzeş pikirdedigini we meseläniň Ministrler kabinetiniň mejlisiniň tassyklamagyna garaşylýandygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar