Owganystanyň demirgazygynda ýene-de hüjüm guraldy

Wakada 4 adam ýogaldy

1055279
Owganystanyň demirgazygynda ýene-de hüjüm guraldy

Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatynyň Şor Tepe etrabynda bolan partlamada 4 polis ýogaldy.

Şor Tepe etrabynyň häkimi Muhammed Kerim, etrabyň Tokai obasynda ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň, serhet polisleriniň geçýän mahaly partladylandygyny habar berdi.

Kerim hüjümde şeýle hem 3 polisiň ýaralanandygyny beýan etdi.

Hüjümiň jogapkärçiliginiň öz üstüne alan tarap ýok.


Etiketkalar: #Owganystan , #hüjüm , #polis

Degişli Habarlar