Rus lider Ysraýylyň Premýer ministri bilen söhbetdeş boldy

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçdi

1052241
Rus lider Ysraýylyň Premýer ministri bilen söhbetdeş boldy

Ysraýylyň Premýer ministrlik ofisinden berilen ýazmaça beýanatda Netanýahunyň telefon bilen jaň eden Putine, Siriýada ýere gaçan harby uçardaky rus esgerleriniň ýogalmagy sebäpli Ysraýylyň halkynyň adyndan gynanç bildirendigi mälim edildi.

Beýanatda Binýamin Netanýahunyň telefon söhbetdeşliginde mundan başgada Ysraýyl we Russiýanyň goşunlarynyň arasynda çaknyşygyň öňüni almak maksady bilen 2015-nji ýylda döredilen we şol günden bäri iki tarapyň hem agyr ýitgiler çekmeginiň öňüni alan mehanizmiň dowam etmeginiň möhümdigine ünsleri çekendigi bellendi.

Beýanata görä Ysraýylyň Premýer ministri ýurdunyň Russiýa degişli harby uçaryň ýere gaçyrylmagy bilen bagly ähli maglumatlary Russiýa bilen paýlaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Beýanatda Binýamin Netanýahunyň Russiýa degişli harby uçaryň ýere gaçyrylmagynyň jogapkäriniň Başar Asatdygyny aýdandygy nygtaldy.

Ysraýylyň Premýer ministriniň telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Siriýadaky Eýranyň barlygyny ýok etmek babatynda tutanýerlidigini nygtady.


Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda Siriýada 15 esger bilen bilelikde radarlardan ýiten Rus IL-20 harby uçarynyň Siriýanyň hökümetine degişli S-200 howa goranyş ulgamy tarapyndan urulyp ýere gaçyrylandygy habar berildi.

Waka sebäpli Ysraýyly günäkärleýän Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu: “Siriýada ýere gaçan rus uçarynyň we ýogalan ekipažynyň ähli jogapkärçiligi Ysraýyla degişli” diýdi.

Putin bolsa beren beýanatynda: “Siriýada rus uçarynyň ýere gaçyrylmagy pajygaly wakalaryň bir jynjyry ýaly görünýär” diýdi, emma Ysraýyly günäkärlemedi.



Degişli Habarlar