ABŞ-däki Florensiýa tupany sebäpli ýogalan adamlaryň sany 11-e ýetdi
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň gündogar kenaryna täsirini ýetiren Florensiýa tupany tropik tupana öwrüldi
Amerikanyň Demirgazyk we Günorta Karolina ştatlarynda Florensiýa tupany sebäpli ýogalan adamlaryň sany 11-e ýetdi.
Ak Tam tarapyndan berilen beýanatda ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň Demirgazyk Karolina ştatyny betbagtlyk zolagy hökmünde yglan edendigi we şol sebäpli öňümizdäki hepde ştata sapar gurap biljekdigi habar berildi.
Sil sebäpli Demirgazyk we Günorta Karolina ştatlarynda ençeme öýi suwa basdy.
Resmiler siliň suwunyň 1 metre ýetip biljekdigi barada duýduryş berip, 2 ştatada 1 milliondan gowrak adama elektrik togunyň berilip bilinmeýändigini mälim etdiler.
Demirgazyk Karolina ştatynyň Wilmington şäherinde güýçli ýel sebäpli agaçlar agdaryldy, sil sebäpli ençeme öýi suw basdy, sürüjiler ulaglary bilen suwyň aşagynda galan ýollardan zordan geçdi.
Tupan sebäpli 2 müňden gowrak uçar gatnawy yza süýşürildi.
10 million adama täsir ýetirjekdigi aýdylýan tupanyň, 170 milliard dollarlyk zelele sebäp boljakdygy çak edilýär.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.