Russiýa söwda gatnaşyklarynda dollaryň peýdalanylmagy üçin işe girişilendigini beýan etdi

“Entek ýoluň başynda, emma bu tapgyr başlady"

1049842
Russiýa söwda gatnaşyklarynda dollaryň peýdalanylmagy üçin işe girişilendigini beýan etdi

Kremliň metbugat sekretary Dimitri Peskow paýtagt Moskwada žurnalistlere beren beýanatynda soňky günlerde Türkiýe, Russiýa we Hytaý ýaly ýurtlaryň söwda gatnaşyklarynda Amerikan dollarynyň ulanylmagyny azaltmak boýunça edýän başlangyçlary barada garaýyşlaryny beýan etdi.

Amerikan dollarynyň ulanylmagynyň azaldylmagynyň diňe bir Moskwada ara alynyp maslahatlaşylmaýandygyny ýatladan Peskow: “Bütin dünýäde köp sanly ýurt häzirki wagtda bu meseläni seljerýär. Hünarmenler derejesinde geçirilýän gepleşiklerde özara söwda gatnaşyklarynda Amerikan dollarynyň ynamly şertlerde azaldylmagy baradaky şertler geňşilýär” diýdi.

Ýewropada, Gündogarda we Ýakyn Gündogarda köp sanly ýurduň bu meselede ygrarlydygyny nygtan Peskow: “Entek ýoluň başynda, emma bu tapgyr başlady. Häzirlikçe konkret maksatnamamyz ýok, emma bu mesele Russiýada-da gün tertibinde” diýdi.



Degişli Habarlar