İdlibden göçmäge mejbur bolanlaryň sany 40 müňe ýetdi

Siriýada hökümete degişli güýçleriň we Russiýanyň İdlibe guraýan howa hüjümi sebäpli göçmäge mejbur bolanlaryň sany 40 müňe adama ýetdi

1049047
İdlibden göçmäge mejbur bolanlaryň sany 40 müňe ýetdi

Türk ýaragly güýçleriniň ylalaşyga gözegçilik nokatlarynyň golaýyna gaçyp gelen idlibliler, soňky çäre hökmünde Ýewropa gaçmagy nazarda tutýar.

Siriýanyň hökümeti we Russiýa İdlib dartgynlygy azaldyjy zolagynyň çägindäki Demirgazyk Hama, Günorta we günoreta-gündogar İdlibwe 4-nji sentýabrda howa hüjümlerini guramaga başlapdy.

Hüjümler soňky 3 günden bäri azalan hem bolsa, halkyň arasynda hüjüm gorkusynyň başlamagyndan bäri İdlibiň demirgazygyna tarap göçenleriň sany 40 müňe ýetdi.

Soňky 11 günde 127 ýerden 8 müň maşgala İdlibde Türkiýe serhediniň golaýyndaky bosgun düşelgelerine we welaýatyň demirgazygyndaky dürli ýerlere göçdi.

Öýlerini terk etmage mejbur bolan ilat Türk ýaragly güýçleriniň gözegçilik nokatlarynyň golaýyna, zeýtun baglaryna, bosgun düşelgelerine we garyndaşlarynyň ýanyna sygynýar.

Göçmäge mejbur bolan idlibli Ahmed Sammu “Anadoly” habarlar gullugyna beren beýanatynda welaýatyň günortasyndaky hüjümler sebäpli göçmäge mejbur bolandyklaryny aýtdy.


Etiketkalar: #Idlib , #hüjümler , #düşelge

Degişli Habarlar