Somaliniň paýtagtynda bomba ýüklenen ulag bilen kamikaze hüjümi guraldy

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok

1041686
Somaliniň paýtagtynda bomba ýüklenen ulag bilen kamikaze hüjümi guraldy

Somaliniň paýtagty Mogadişuda bomba ýüklenen ulag bilen guralan kamikaze hüjüminde 6 adam ýogaldy, 14 adam ýaralandy. 

Mogadişuda bir ulag gözegçilik nokadyna golaýlaşan mahaly saklanmak islendi. 

Emma ulag tizligini peseltmedi. 

Bomba ýüklenen ulag gözegçilik nokadynyň golaýynda partlady. 

Partlama sebäpli golaýdaky ençeme bina bilen bir metjit ýumruldy. 

Hüjümde 6 adam ýogaldy, 6-sy çaga bolan jemi 14 adam bolsa ýaralandy. 

Ýaralananlaryň golaýdaky mekdepde okaýan okuwçylardygy habar berildi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 

 


Etiketkalar: #Somali , #Mogadişu , #hüjüm

Degişli Habarlar