Margwelaşwili prezident saýlawynda dalaşgär bolmajakdygyny beýan etdi

Margwelaşwili resi sapar bilen Tibiliside bolýan Latwiýanyň Prezidenti Wladis Zatlers bilen duşuşdy

1041049
Margwelaşwili prezident saýlawynda dalaşgär bolmajakdygyny beýan etdi

Gürjistanyň Prezidenti Giorgi Margwelaşwili 28-nji oktýabrda geçiriljek prezident saýlawyna dalaşgar bolmajakdygyny beýan etdi

Margwelaşwili resi sapar bilen Tibiliside bolýan Latwiýanyň Prezidenti Wladis Zatlers bilen duşuşdy.

Margwelaşwili bilen Zalters soň talyplar bilen duşuşyp, soraglara jogap berdiler.

Margwelaşwili ol ýerde eden çykyşynda 28-nji oktýabrda geçiriljek prezident saýlawlary barada; “Saýlawa gatnaşmajakdygyny beýan edesim gelýar, emma ýurdumyzy başga görnüşde hyzmat ederin” diýdi.

Wezipe başynda gürji halkyndan uly goldaw alandygyny beýan eden Margwelaşwili, halkyna, maşgala agzalaryna we egindeşlerine sagbolsun aýtdy.

Margwelaşwili 2013-nji ýyldaky saýlawda üstün çykyp, prezidentlige saýlanypdy.



Degişli Habarlar