“Türkiýe we Russiýa bolan gyzyklanmamyz uzak möhletde ÝB bilen bolan gatnaşyklary kadalaşdyrar”

Makron Finlandiýada saparda boldy

1040700
“Türkiýe we Russiýa bolan gyzyklanmamyz uzak möhletde ÝB bilen bolan gatnaşyklary kadalaşdyrar”

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron “Türkiýe we Russiýa bolan gyzyklanmamyz uzak möhletde ÝB bilen bolan gatnaşyklary kadalaşdyrar”diýdi

Resmi sapar bilen Finlandiýa baran Makron, Helsinkide Prezident Sauli Niinistö bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Niinistö bilen bolan duşuşygynda Russiýa meselesini seljerendiklerini aýdan Makron, Ýewropanyň goranyş we strategiýa taýdan dolulygyna özbaşdak bolandan soň Russiýa bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürip biljekdiklerini belledi.

Makron “Strategiýa taýdan iň ýakyn goňşularymyz bilen goranyş senagaty taýdan strategik hyzmatdaş bolmagy maksat edinmelidiris. Türkiýe we Russiýa bolan gyzyklanmamyz uzak möhletde ÝB bilen bolan gatnaşyklary kadalaşdyrar”diýdi.

ÝB bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaňadandan gözden geçirilmelidigini ýatladan Makron, ÝB bilen Russiýanyň kiber howpsyzlyk, goranyş we strategik hyzmatdaşlyk ýaly ugurlarda işleşip biljekdigini nygtady.

 



Degişli Habarlar