Merkel Mesut Özil meselesinde ýurdunda dowam edýän diskussiýalardan nägile

Merkel Germaniýanyň “ARD” teleýaýlymynda berilýän gepleşiklerden birine gatnaşyp, soraglara jogap berdi

1038017
Merkel Mesut Özil meselesinde ýurdunda dowam edýän diskussiýalardan nägile

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel rasist hüjümler sebäpli Germaniýanyň Milli ýygyndy futbol komandasyndan aýrylan türk futbolçysy Mesul Özil meselesinde ýurdunda dowam edýän diskussiýalardan nägiledigini aýtdy

Merkel Germaniýanyň “ARD” teleýaýlymynda berilýän gepleşiklerden birine gatnaşyp, soraglara jogap berdi.

Merkel, Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Şteinmeieriň geçen hepde bosgunlaryň “Kofe saçagynda” myhman bolup, “Birinji we ikinji synp raýat ýok” diýmek bilen rasizme garşy beýanat berendigi ýatladylanda, özüniň hem geçmişde bosgun ýaşlara ýygy-ýygydan “Men siziň kansleriňiz” diýendigini aýtdy.

Türk futbolçysy Mesut Özil bilen bagly başdan geçirilen diskussiýalar barada-da durup geçen Mermek; “Fotosuratyň dogry ýa-da ýalňyşdygy barada tapawutly pikirler bolup biler. Emma soňundan dowam eden diskussiýanyň görnüşi göwnümden turmady” diýdi.

Merkel bu meseledäki garaýyşynyň çürt-kesikdigini nygtap; “Öziş ýa-da başgasy bolsun, bosgunlardan biri “Maňa jemgyýetde kadaly çemeleşilmeýär” diýýän bolsa, oňa çynlakaý çemeleşmeli” diýdi.

Asly türk bolan futbolçylar Mesut Öziş bilen İlkaý Gündogan bilen Britaniýanyň Premýer Ligasynda oýnaýan Jenk Tosun maý aýynda geçirilen çärelerden birinde Prezident R.T.Erdogan bilen Britaniýanyň paýtagty Londonda duşuşyp, surat aldyryp, formalaryny sowgat beripdi.



Degişli Habarlar