ABŞ Atlantika flodyny täzeden gurýar

ABŞ-niň harby flody 2011-nji ýylda dargadylan Atlantika okeanyndaky we Arktika deňizindäki operasiýalardan jogapkär 2-nji flodyny täzeden emele getirýär

1037738
ABŞ Atlantika flodyny täzeden gurýar

ABŞ-de ýaýlyma berilýän Politico internet saýtynda berilen habarlarda ABŞ-niň harby flody Wirginiýa ştatynyň Norfolk şäherinde ýerleşdiriljek 2-nji flodyň ýaňadandan emele getirendigi mälim edildi.

Göçümiň Atlantika okeanynda soňky wagtlarda artan rus suwasty gämi hereketliliginden soň edilmegi ünsleri özüne çekdi.

ABŞ-niň Harby-deňiz güýçleriniň Flot güýçleriniň serkerdesi Kris Gredi, Norfolk portyndaky USS George H.W. Bush gämisinde eden çykyşynda, ABŞ-niň Harby-deňiz güýçleriniň soňky wagtlarda Sowuk söweşi zamanyndan bäri iň ýokary derejede basyşa sezewardygyny belläp: “Deňizlerdäki gözegçiliklerimiz we güýç geçirmek mümkinçiligimiz, milli howpsyzlygymyzyň esasy 2 elementi, ýaňandan güýçlenmäge başlan daşary ýurt güýçleriň, ýagny Hytaýyň we Russiýanyň basyşyna sezewar” diýdi.


Etiketkalar: #ABŞ , #flot , #serkerde , #Atlantika

Degişli Habarlar