Russiýa, ABŞ-niň täze embargolaryna reaksiýa bildirdi

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow ABŞ-niň täze embargolary üçin hiç hili delil görmändigini habar berdi

1036269
Russiýa, ABŞ-niň täze embargolaryna reaksiýa bildirdi

ABŞ-niň Gazna ministrligi şu gün Demirgazyk Koreýa garşy embargolar bilen arabaglanşyklydygyny öňe sürüp 2 rus raýatyna, 3 rus kärhanasyna we Russiýanyň baýdagyny göterýän 6 gämä embargo girizdi.

“Waşington dowamly häsýetde ýalňyş bahanalar bilen Russiýa garşy sanksiýa girizmegi erbet bir däbe öwürdi” diýen Rýabkow: “Şu gün amerikalylar bahana edip, biziň Demirgazyk Koreýa nebit önümleriniň eksportyna garşy goýulan sanksiýalaryň düzgünlerini berjaý etmedigimizi we kiber hüjümler edendigimizi saýlady. Hemişe bolşy ýaly delil we esas ýok, diňe käbir öç alyjylykly töhmetler” diýdi.

Amerikalylaryň “nähili derejede erbet bolsa, şol derejede gowy” ýörelgesine görä hereket edýändigini aýdan Rýabkow Russiýanyň bähbitlerine zeper ýetmezligi üçin ABŞ-niň snaksiýalaryna jogap berýändigini we bermäge dowam etjekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar