Lawrow birnäçe günüň dowamynda Çawuşygly bilen duşuşjakdygyny beýan etdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow kardeşi Mewlüt Çawuşogly bilen birnäçe günüň dowamynda duşuşjakdyklaryny aýtdy

1035585
Lawrow birnäçe günüň dowamynda Çawuşygly bilen duşuşjakdygyny beýan etdi

Ministrleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry Siriýadaky soňky şertler we İdlib meselesi.

Türkiýäniň Astana tapgyrynyň hemaýatkär ýurtlaryndan biridigini ýatladan Lawrow, Türkiýe bilen bosgunlar meselesindäki hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigini aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministr ABŞ bilen BMG-na hem reaksiýa bildirdi.

Sergeý Lawrow ABŞ-nyň Siriýada zeper ýetiriji çemeleşýändigini nygtap, bosgunlaryň yzyna dolanyp gelmegi we Siriýanyň gaýtadan dikeldilmegi üçin taýarlanan meýilnamany kabul etmän, işi çykgynsyzlaşdyrýandygyny aýtdy.

Lawrow BMG-ny ABŞ-nyň hereketlerine synç bolmakda günäkärledi.



Degişli Habarlar