Hindistandaky aşa köp ýagan ýagyş we sil sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Hindistanyň Kerala welaýatynda aşa köp ýagan ýagyş sebäpli emele gelen sil apatynda we ýer süýşgünleri netijesinde ýogalan adamlaryň sany 368-e ýetdi

1035214
Hindistandaky aşa köp ýagan ýagyş we sil sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Ýerli medianyň berýän habaryna görä aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli Kerala welaýatynda suw howdanlary daşdy we derýalar hanasyndan çykdy, köprüler çökdi, öýlerinden çykmak islemeýän 5 adam bolsa göz tussaglygyna alyndy. 

Sebitde eýýäm 12 gün bäri täsirli bolan ýagyş sebäpli 220 müňden gowrak adam howpsyz ýerlere göçürildi. 

Muson ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apaty Kerala welaýatynyň 14 etrabynyň 12-sine öz täsirini ýetirdi. 

Sil sebäpli müňlerçe öý suwyň aşagynda galdy, 32 müň 500 gektarlyk ekin meýdany harap boldy. 

 



Degişli Habarlar