Taliban Owganystanda harby merkeze hüjüm gurady
Taliban Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Farýab welaýatynyň Gormaç etrabynda harby merkeze hüjüm gurady
Ýaragly güýçleriň metbugat sekretary Hanif Rezai, başbozarlaryň harby merkeze agyr ýaraglar bilen guran hüjüminden soň gözegçiligi üpjün edendiklerini aýtdy.
Harby merkezde 70 esgeriň bardygyny aýdan Rezai, hüjümde 20-den gowrak esgeriň ýogalandygyny we ýaralanandygyny, beýleki esgerleriň bolsa ýesir alynandygyny belledi.
Taliban tarapyndan berlen beýanatda bolsa harby merkezde has köp esgeriň bardygy, hüjümde 43 esgeriň ýogalandygy 17 esgeriň ýaralanandygy, 57 esgeriň bolsa ýesir alynandygy öňe sürüldi.
Talibanyň düýn ýurduň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Tahar welaýatynyň Täjigistan serhedindäki Aý Hanym gümrük geçelgesine guran ýaragly hüjüminde bolsa 12 polis gullukçysy ýogalypdy
Degişli Habarlar
“2022-nji Ýyldan Bäri Russiýaly 350 Müň Esger Ýogaldy ýada Ýaralandy”
Ostin, Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçdi.
Gazada 330 müň tonna zir-zibil üýşdi
Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri gyrgynçylyk edýän Gazada 330 müň tonna zir-zibil üýşdi.