“Moskwa türk raýatlaryna käbir ugurlarda wiza düzgüniniň bes edilmegine taýar"

Russiýanyň Daşary işler ministrligi “Moskwanyň türk raýatlaryna käbir ugurlarda wiza düzgüniniň bes edilmegine taýardygyny” beýan etdi

1031245
“Moskwa türk raýatlaryna käbir ugurlarda wiza düzgüniniň bes edilmegine taýar"

Russiýanyň Daşary işler ministrligi “Moskwanyň türk raýatlaryna käbir ugurlarda wiza düzgüniniň bes edilmegine taýardygyny” beýan etdi.

Ýüzlenmäniň Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň şu gün Ankarada öz işine başlan Ilçileriň maslahatyna gatnaşmak üçin Türkiýä gurjak saparynyň öň ýanynda berilmegi ünsleri çekýär.

Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň şu gün Türkiýä guraýan sapary barada durlup geçildi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen Lawrowyň arasyndaky duşuşykda Siriýa meselesiniň çözülmegi bilen bagly ugurlaryň gün tertininiň ileri tutuljak meselelerden biri boljakdygy nygtaldy.

Ministrleriň gün tertibinde ykdysady gatnaşyklar hem bar.

Ministrlikden berilen beýanatda Akkuýu ýadro elektrik bekedi we Türk Akym ýaly strategik ähmiýetli taslamalar barada pikir alyşyljakdygy mälim edildi.



Degişli Habarlar