Tramp: “Gümrük tarifine tabyn bolmak islemeýänler önümlerini ABŞ-da öndürsinler”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp gümrük tarifine tabyn bolmak islemeýänleriň önünleriniň Amerikada öndürmeligini aýtdy

1026533
Tramp: “Gümrük tarifine tabyn bolmak islemeýänler önümlerini ABŞ-da öndürsinler”

Donald Tramp gümrük tarifleri barada beýanat berdi.

Tramp Twitter arkaly beren beýanatynda; “Gümrük tarifleri ýokary derejede işleýär. Dünýädäki her bir ýurt ABŞ-dan baýlyk gazanmak isleýär, ol biziň üçin uly zyýan. Eger salgyt tölemek islemeýän bolsalar önümlerini ABŞ-da öndürsinler” diýdi.

Tramp; “Gümrük tarifleri bilen esasy bölegi Obamanyň döwründe artan 21 trillion dollarlyk karzymyzy tölemäge başlarys we şol bir wagtda halkymyz üçin salgytlaryň mukdaryny azaldarys. Azyndan ýurdumyz üçin has amatly söwda şertnamalaryny baglaşarys” diýip nygtady.

ABŞ-nyň Söwda wekili Robert Laýthaýzer çarşenbe güni beren beýanatynda Trampyň Hytaýa goýuljak 10 göterimlik gümrük tarifiniň mukdaryny 25 göterime çenli ýokarlandyrmak barada görkezme berendigini aýdypdy.

Resmi Pekin bolsa anna güni 60 milliard dollar gymmaty bolan Amerikan harytlaryna 4 tapgyrly goşmaça gümrük salgydynyň goýuljakdygyny beýan edipdi.

ABŞ-nyň 21 trillion 305 million dollara barabar döwlet karzy bar.


Etiketkalar: #ABŞ , #Donald Tramp , #gümrük , #tarif

Degişli Habarlar