Nigeriýadaky holera epidemiýasy ýaýbaňlanýar

Nigeriýanyň Kano ştatynda holera epidemiýasy sebäpli soňky 1 hepdede 11 adam ýogaldy

1026785
Nigeriýadaky holera epidemiýasy ýaýbaňlanýar

Resmilerden Ubali Dawud Ebubekir beren beýanatynda ştatyň 2 aýry sebitinde soňky 5 günde 100-den gowrak adamda holer keseline gabat gelinendigini habar berdi. 

Ebubekir ştatda 47 adamyň bejergi astyna alynandygyny mälim etdi. 

Nigeriýada soňky 2 aýda 493 adam holer keseli bilen keselledi, şolaryň 67-si ýogaldy. 

Nigeriýada arassa agyz suwunyň çäkli bolan ýerlerinde ýygy-ýygydan holera epidemiýasyna gabat gelinýär. 

 


Etiketkalar: #Nigeriýa , #holera , #epidemiýa

Degişli Habarlar