ABŞ Russiýany BMG tarapyndan Demirgazyk Koreýa goýlan embargolary basgylamakda günäkärledi

Haleý Russiýanyň daşary ýurtlardaky demirgazyk koreýaly işçilere BMG-nyň sanskiýalaryna garamazdan iş rugsadyny bermegine alada bildirýär

1025702
ABŞ Russiýany BMG tarapyndan Demirgazyk Koreýa goýlan embargolary basgylamakda günäkärledi

ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili Nikki Haleý Russiýany ýadro maksatnamasy sebäpli BMG tarapyndan Demirgazyk Koreýa goýlan embargolary basgylamakda günäkärledi.

Haleý mesele barada beren ýazmaça beýanatynda Russiýanyň daşary ýurtlardaky demirgazyk koreýaly işçilere BMG-nyň sanskiýalaryna garamazdan iş rugsadyny bermegine alada bildirýändiklerini aýtdy.

Ýadro ýaraglaryndan dolulygyna saplanmazdan Demirgazyk Koreýa goýlan sanksiýalaryň gowşamajakdygyny aýdan Haleý, “Russiýa demirgazyk koreýaly işçilere iş rugsadyny bermek bilen sanskiýalary basgylaýarka, beýleki tarapdan Howpsyzlyk geňeşindäki sözleri bilen sanksiýalara goldaw berip bilmez” diýdi.

Amerikaly "Wall Steet Journal" gazeti, Russiýanyň BMG-nyň sanksiýalaryna garamazdan sentýabr aýyndan bäri 10 müňden gowrak demirgazyk koreýala iş rugsadyny berendigini öňe sürüpdi.

Habarda Zähmet ministrliginiň görkezijilerine görä bolsa üstümizdäki ýyl azyndan demirgazyk koreýaly 700 adama iş rugsadynyň berlendigi nygtalýar.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Demirgazyk Koreýa goýan ykdysady sanskiýa karary bilen  demirgazyk koreýalylara beriljek iş rugsatlary çäklendirlipdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyna görä, demirgazyk koreýaly 100 müň işçi daşary ýurtlarda işleýär.

Hünärmenler bolsa, sanksiýalar sebäpli ykdysady taýdan agyr günleri başdan geçirýän hökümetiň ýurda walýuta getirmegi üçin daşary ýurtlara işlemäge ugradan raýatlarynyň ýylda 2 milliard dollara golaý girdeji gazanýandygyny nygtaýar.

 

 



Degişli Habarlar