Ýaponiýa bilen Hytaýyň arasyndaky dartgynlyklar dowam edýär

Ýapon habarlar gullugy “Kýodonyň” habar bermegine görä Gündogar Hytaý deňzi boýunça düşnüşmezlik iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ýaramaz täsir ýetirýar

1024854
Ýaponiýa bilen Hytaýyň arasyndaky dartgynlyklar dowam edýär
Taro Kano-Vang Yi.jpg

Habarda meseläniň Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Taro Kanonyň hytaýly kardeşi Wang Ýi bilen Singapurda ASEAN-yň maslahatynyň çäginde geçiren duşuşygyň dowamynda gün tertibine gelendigi nygtalýar.

Kano ýarym sagada golaý dowam eden duşuşykda Wanga Hytaýyň Gündogar Hytaý denizinde Ýaponiýanyň gözegçiligindäki dünüşmezlige sebäp bolýan adalaryň golaýyna harby gämilerini getirmegine we sebitde garaşsyz energiýa taslamalaryny amala aşyrmagyna nägilelik bildirdi.

Wangyň resmi Pekiniň bu meselä başgaça çemeleşýändigini beýan etmeginden soň Kano Gündogar Hytaý deňizindäki düşnüşmezlikler çözülmän halatynda “özara gatnaşyklaryň kadalaşmajakdygyny” aýtdy.

İki ýurt 2008-nji ýylda sebitde bilelikdäki tebigy gaz taslamalaryny iş ýüzüne geçirmek barada özara ylalaşyk gazanypdy.



Degişli Habarlar