"Tähran bilen resmi Waşingtonyň arasynda diplomatiýa ýoly ýapyldy"

“Tahran bilen Waşingtonyň arasynda diplomatiýa ýoly ýapyldy. Şol sebäpli hem ýolbaşçylar biri-birleriniň beýanatlaryna jogap berýär”

1021126
"Tähran bilen resmi Waşingtonyň arasynda diplomatiýa ýoly ýapyldy"

Eýranyň Milli mejlisiniň howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Haşmetullah Felahetpişe Tähran bilen resmi Waşingtonyň arasynda diplomatiýa ýolunyň ýapylandygyny aýtdy.

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň ABŞ-nyň sanksiýa syýasatyna garşylyk görkezendigini aýdan Felahetpişe, ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Ruhaniniň beýanatyna beren jogaby barada durup geçdi we  “Tahran bilen Waşingtonyň arasynda diplomatiýa ýoly ýapyldy. Şol sebäpli hem ýolbaşçylar biri-birleriniň beýanatlaryna jogap berýär” diýdi.

ABŞ-nyň Eýrana hüjüm guramak bilen hemle atandygyny aýdan Felahetpişe iki ýurduň arasynda ýüze çykyp biljek söweşiň sebite we bütin dünýä ýaramaz täsirini ýetirjekdigi sebäpli Tähran bilen Waşingtonyň arasynda söweş ähtimallygynyň ýokdygyny belledi.

 

 


Etiketkalar: #Eýran , #söweş , #diplomatiýa

Degişli Habarlar