Alymlar Marsda ägirt uly suwly köl tapdy

Italiýadaky Bolonýa Milli Astrofizika institutynyň alymlary Mars Express emeli hemrasy bilen geçiren derňew işlerinde Marsyň günortasynda üsti buz bilen örtülen bir suw kölüni tapdylar

1020027
Alymlar Marsda ägirt uly suwly köl tapdy

Alymlar 2012-nji ýylyň maý aýy bilen 2015-nji ýylyň dekabr aýlary aralygynda geçiren derňewlerinde Marsyň üstünde 20 kilometr ululykda suw gatlagynyň bardygyny anyklady.

Marsda ozal hem buz ýagdaýynda ýa-da möwsümleýin ýagdaýda suwyň bardygy anyklanypdy, emma täze açylyşyň planetanyň üstünde ilkinji gezek hemişelik suwyň bardygyny ýüze çykardy.

Kölüň aşa sowuk we tozanly bolmagyna garamazdan, Dünýäde meňzeş şertlerde mikroplaryň ýaşaýandygy nazarda tutulanda janly ýaşaýyş üçin gerek şertleriň bardygy çak edilýär.

Ylmy derňewiň netijeleri “Science” žurnalynda çap edildi.


Etiketkalar: #Mars , #planeta , #žurnal , #köl , #suw

Degişli Habarlar