Russiýanyň daşary işler ministri Ysraýylda saparda bolar

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ysraýyla garaşylmadyk sapar gurar

1017690
Russiýanyň daşary işler ministri Ysraýylda saparda bolar

Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahu Ministrler kabinetiniň mejlisiniň hepdelik maslahatynda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň resmi sapar bilen şu gün Ysraýyla geljekdigini habar berdi.

Netanýahu myhman ministr bilen duşuşyk geçirjekdigini we gepleşikleriň gün tertibinde Siriýa meselesi boljakdygyny beýan etdi.

Ministrler kabinetiniň mejlisinde beren beýanatynda ýurdunyň Siriýa bilen 1974-nji ýylda gol çekişilen Güýçleriň yza çekilmegi ylalaşygynyň düzgünlerine bagly galmaklaryny dowam etdirjekdiklerini bellän Netanýahu: “Ysraýyl, Eýran we onuň hemralarynyň Siriýada harby baza gurmak meýillerine garşy gerek bolan ädimler eder” diýip belledi.  

Netanýahu bilen Lawrowyň arasynda geçjek duşuşykda Siriýadaky Eýranyň we Hizbullahyň barlygynyň hem gün tertipde bolmagyna garaşylýar.

Daşary işler ministri Sergeý Lawrowa Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimowyň hem ýoldaşlyk etjekdigi beýan edildi.



Degişli Habarlar