Eýran ABŞ-ni şikaýat etdi
Eýran ABŞ-ni birtaraplaýyn bikanun embargolar girizmek sebäpli Halkara Adalat kazyýetine şikaýat etdi
Eýranyň daşary işler ministri Jewad Zarif sosial media hasaby Twitteriň üsti bilen beren beýanatynda: "Eýran şu gün ABŞ-ni birtaraplaýyn bikanun sanksiýalar girizmegi sebäpli Halkara Adalat kazyýetine şikaýat etdi. Bu ýurdyň halkara ylalaşygyň düzgünlerini berjaý etmezligine garşy çäre görülmeli" diýdi.
ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň ýadro ýlalaşygyndan çekilendigini mälim etmeginden soň, ABŞ-niň Gazna ministrligi ilkinji embargolar etabynyň awgust aýynda, 2-nji etabyň bolsa noýabr aýynda giriziljekdigini habar berdi.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.