ÝB-ne agza 28 ýurduň jemi ilaty 2018-nji ýylda 512,6 milliona ýetdi

Şeýlelikde geçen ýyl ÝB-niň ilaty 1 million 74 müň 700 adam artdy

1009757
ÝB-ne agza 28 ýurduň jemi ilaty 2018-nji ýylda 512,6 milliona ýetdi

Ýewropa Hasabat guramasynyň görkezijilerine görä, 28 ýurduň jemi ilaty 2017-nji ýylyň başynda 511 million 521 müň 700 mahaly, 2018-nji ýylyň başynda 512 million 596 müň 400-e ýetdi.

Şeýlelikde geçen ýyl ÝB-niň ilaty 1 million 74 müň 700 adam artdy.

Germaniýa 82 million 850 müňlik ilaty bilen ÝB-niň iň uly ýurdy boldy.

Fransiýanyň ilatynyň sany 67 million 221 müň 900-e ýetdi.

Britaniýanyň ilaty 66 million 186 müň 400 adama,

Italaiýanyň ilaty 60 million 484 müň adama

Ispaniýanyň ilaty bolsa 46 million 659 müň 300 adama ýetdi.

ÝB-niň ilaty taýdan iň kiçi ýurdy 475 müň 700 adam bilen Malta boldy.

ÝB-ne agza 28 ýurtda 2017-nji ýylda ýogalanlaryň sany täze doglanlardan geçdi.

Ady agzalýan döwürde ÝB-ne agza ýurtlarda 5 million 262 müň 700 adam ýogaldy, 5 million 58 müň 600 çaga bolsa dünýä indi.


Etiketkalar: #Ýewropa , #ilat , #gurama , #hasabat

Degişli Habarlar