Britaniýanyň täze daşary işler ministri Jeremi Hant boldy

Boris Jonsonyň, Tereza Meýe beren wezipesinden çekilmek baradaky arza düýn kabul edilipdi

1009250
Britaniýanyň täze daşary işler ministri Jeremi Hant boldy

Tereza Meýiň ýolbaşçylygyndaky Konserwatiw partiýa hökümetinde Breksit etaby sebäpli başdan geçirilen düşünişmezçilik sebäpli düýn wezipesinden çekilen Boris Jonsonyň ýerine ýurdyň saglygy goraýyş we sosial ministri Jeremi Hant bellendi.

Boris Jonsonyň, Tereza Meýe beren wezipesinden çekilmek baradaky arza düýn kabul edilipdi.

Jonson wezipesinden çekilmek baradaky kararyny ýurdyň Breksit ministri Dewid Dewisiň wezipesinden çekilmeginden soň kabul edipdi.

Ministrleriň ikisi hem Meýiň ýolbaşçylygyndaky hökümetde Breksit etabynyň öňdebaryjy tarapdarlary hökmünde bilinýärdi.

Ýurdyň täze daşary işler ministri Jeremi Hant Breksit bilen bagly referendumda ýurdunyň ÝB-de galmagynyň tarapdary hökmünde çykyş edipdi.

Hant soňky 7 ýyl bäri Britaniýanyň saglygy goraýyş we sosial ministri wezipesinde işläpdi.



Degişli Habarlar