Pakistanyň Prezidenti iki ýurduň halklarynyň arasyndaky güýçli gatnaşyklara ünsi çekdi
Pakistanyň Prezidenti Memnun Hüseýin Türkiýe bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň gün saýyn pugtalanýandygyny nygtady.
Prezident R. T. Erdoganyň kasam edişlik dabarasyna gatnaşmak üçin Türkiýä gelen Pakistanyň Prezidenti Hüseýin iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar barada maglumat berdi.
Hüseýin iki ýurduň halklarynyň arasyndaky güýçli gatnaşyklara ünsi çekdi.
Hüseýin iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluga haýsydyr bir syýasy ulgamyň ýada halkara güýjüň ýaramaz täsirini ýetirip bilmejekdigini ýatlatdy.
Türkiýe bilen Pakistanyň birnäçe ugur boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigine ünsi çeken Hüseýin Türkiýäniň Pakistana 4 milgem korwetini satmagy baradaky şertnamanyň bu nukdaý nazardan möhümdigine ünsi çekdi.
Pakistanyň Prezidenti Hüseýin geljekde Türkiýe bilen Pakistanyň goranyş senagaty boýunça hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdigini ýatlatdy.
Hüseýin “Türkiýäniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna agza bolmagy guramanyň bähbidine bolar” diýip belledi.
Degişli Habarlar
Döwlet Sekretarlygynyň Metbugat Sekretary Ýurdunyň Gaza Syýasaty Sebäpli Wezipesinden Çekildi
Hala Gharrit, ýurdunyň alyp barýan Gaza syýasatyna garşylyk görkezmek üçin wezipesinden çekildi.