Eýran Siriýadaky harby barlygyny dowam etdirer

Eýranyň mejlisiniň başlygy Ali Larjaniniň Halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Hüseýin Emir Abdullahiýan Eýranyň Siriýadaky harby barlygyny dowam etdirjekdigini habar berdi

1008141
Eýran Siriýadaky harby barlygyny dowam etdirer

Eýranyň ýarym resmi habarlar agentligi Tesnimiň berýän habaryna görä Siriýada terror guramasy DAIŞ-iň ýeňilmeginden soň, Ysraýylyň häkimiýet gurmak isleýändigini aýdan Abdullahiýan: “Şoňa päsgel bermek üçin Eýran bu ýurtdaky harby barlygyny dowam etdirer” diýip belledi.

Abdullahiýan: “Eýranyň harby maslahatçylary Siriýadaky wezipesini şol bir ýagdaýda dowam etdirer” diýdi.

Eýranyň Siriýanyň günorta-günbataryndaky harby güýjünden biynjalyk bolan Ysraýylyň Russiýa we Eýrana degişli ähli harby güýjüň sebitden çykarylmagy babatynda ylalaşandygy öňe sürülipdi.

Günbatar ýurtlaryň mediasynda ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň 16-njy iýulda Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde duşuşyk geçirjek Russiýanyň lideri Wladimir Putinden Eýranyň Siriýadan dolulygyna çekilmegi üçin kömek sorajakdygy bilen bagly habarlar ýaýrapdy.


Etiketkalar: #Eýran , #Siriýa , #harby , #Russiýa

Degişli Habarlar