Owganystanda Talibana garşy operasiýa geçirildi

Owganystanda terror guramasy Talibana garşy geçirilen operasiýada guramanyň 14 agzasy öldürildi, operasiýada 2 owgan esger ýogaldy

1007253
Owganystanda Talibana garşy operasiýa geçirildi

Jüzjan welaýatynyň Içeri işler müdüriniň ýolbaşçysy Abdul Hafiz Haşi howpsyzlyk güýçleriniň welaýatyň Faizabad etrabynyň Gogeldaş obasynda geçiren operasiýasynda 14 terrorçynyň öldürilendigini habar berdi. 

Aralarynda guramanyň ýolbaşçylary bilen birlikde şeýle hem 30 terrroçynyň ýaralanandygyny aýdan Haşi operasiýada ýüze çykan çaknyşykda 2 owgan esgeriň ýogalandygyny, 1 esgeriň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Taliban bolsa ýüze çykan çaknyşykda 3 owgan esgeriň ýogalandygyny öňe sürdi. 

 



Degişli Habarlar