Russiýada hökümete garşy protest ýörüşler geçirildi

Russiýada müňlerçe adam hökümetiň pensiýa ýaşyny ýuwaş-ýuwaşdan ýokarladýan kanun taslamasyny protest etdi

1003917
Russiýada hökümete garşy protest ýörüşler geçirildi

Galplyga garşy göreş gaznasynyň esaslandyrjysy we oppozisionerleriň biri bolan Alekseý Nawalnynyň çagyryşyna laýyklykda ýurdyň tapawutly şäherlerinde protest ýörüşler geçirildi.

Irkutsk, Wladiwostok, Habarowsk, Omsk, Orenburg, Çelýabinsk we Twer şäherleri başda bolmak bilen ýurdyň 30-dan gowrak şäherinde müňlerçe adam pensiýa ýaşyny ýokarladýan kanyn taslamasyny protest etmek üçin köçelere çykdylar.

Ýurdyň paýtagty Moskwada we beýleki 10 şäherde bolsa ýörüşleriň geçirilmegine rugsat berilmedi.

Russiýa Federasiýasynyň Komunist partiýasy we Russiýanyň Liberal demokrat partiýasy tarapyndan goldanan protest ýörüşleri hiç hili hadysasyz geçdi.



Degişli Habarlar