Nemes hökümetinde düşnüşmezlik

Germaniýada bosgunlar syýasatyndaky düşnüşmezlik hökümeti çykgynsyz ýagdaýa düşürdi

1003784
Nemes hökümetinde düşnüşmezlik

Wezipesinden çekilmek islän Içeri işler ministri Horst Seehofer Federal Kansler Angela Merkel bilen soňky gezek ylalaşmak üçin synanşar.

Şäriklik hökümetini emele getirýän CDU bilen CSU partiýalarynyň arasynda bosgunlar syýasaty sebäpli emele gelen düşnüşmezlikden soň wezipesinden çekilmek islän JSU partiýasynyň lideri we İçeri işler ministri Horst Seehoferiň kararyny yza süýşürendigi nygtaldy.

Nemes köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň beren habaryndan soň şu gün irden Mýunhende metbugata beýanat beren Seehofer, wezipesinden çekilmek isländigi emma soňky gezek ylalaşmak umydy bilen şu gün CDU partiýasy bilen gepleşik geçirjekdigini aýtdy.

CDU partiýasy hem bosgun krizisiniň çözülmegi üçin CSU bilen gepleşik geçirmäge taýardyklaryny mälim etdi.

Federal Kansler we CDU partiýasynyň başlygy Angela Merkel “hökümetiň şärigi CSU bilen bosgunlar meselesinde başdan geçirilýän düşnüşmezligiň ortadan aýrylmagy üçin elimden geleni ederin” diýdi

 

 



Degişli Habarlar