Liwiýada 270 bosgun halas edildi

Liwiýanyň suw giňişliginde 270 bosgun halas edildi

1003494
Liwiýada 270 bosgun halas edildi

Milli ylalaşyk hökümetine degişli Deňiz güýçleriň metbugat geňeşçisi Eýüp Kasym beren ýazmaça beýanatynda Kenarýaka howpsyzlyk güýçleriniň aralarynda 11-i çaga we 80-i zenan bolan jemi 270 adamyň halas edilendigini habar berdi. 

Eýüp Kasym eritreýaly, günorta sudanly, müsürli, komor adaly we bangladeşli bosgunlaryň gerek bolan kömek berileninden soň, Bikanun göçe garşy göreş guramasyna berilendigini habar berdi. 

Ýerli we halkara resmi çeşmelere görä Liwiýada 24 ýurtdan bosgun bar. 

Şolaryň 95 göterimi Ortaýer deňizinden Ýewropa geçmek isleýän afrikalylardan ybarat. 

 


Etiketkalar: #Liwiýa , #bosgun , #halas etmek

Degişli Habarlar