Ysraýylly esgerleriň palestinalylara garşy ot açmagy netijesinde ýene-de 2 adam şehit boldy

30-njy martdan bäri geçirilýän ýörişlerde çagalar bilen birlikde şehit bolan palestinalylaryň sany 135-e ýetdi

1002937
Ysraýylly esgerleriň palestinalylara garşy ot açmagy netijesinde ýene-de 2 adam şehit boldy

Ysraýylly esgerleriň Uly ýörişiň çäginde Gaza serhedine protest ýörişini geçiren palestinalylara garşy ot açmagy netijesinde biri çaga 2 adam şehit boldy.

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Eşref Al Kudra mese barada beren ýazmaça beýanatynda ysraýylly esgerleriň Gaza serhediniň günortasyndaky Han Ýunus we Refah şäherleriniň gündogarynda Uly ýörişe gatnaşanlara garşy hakyky gülle bilen gözüňi ýaşardýan gaz ulanandygyny nygtady.

Kudra hüjümde kellesinden ýaralanan 13 ýaşyndaky çaganyň we ysraýylly esgerleriň atan güllesi sebäpli 24 ýaşyndaky Muhammed Fewzi Al Hamaýideniň şehit bolandygyny belledi.

Kudra Ysraýylly esgerleriň ot açmagy sebäpli 6-sy çaga jemi 310 adamyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

30-njy martdan bäri Gaza serhedinde geçirilýän ýörişlerde çagalar bilen birlikde şehit bolan palestinalylaryň sany 135-e ýetdi.



Degişli Habarlar