Gruziýanyň ozalky Prezidenti Saakaşwili 6 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Kazyýet Saakaşwilini 6 ýyl azatlykdan mahrum etdi we Gruziýada 2 ýyl 3 aý resmi wezipede işlemegini gadagan etdi

1002335
Gruziýanyň ozalky Prezidenti Saakaşwili 6 ýyl azatlykdan mahrum edildi

 

Gruziýanyň ozalky Prezidenti Mihail Saakaşwili Tiblisiniň şäher kazyýeti tarapyndan wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanandygy sebäpli 6 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Kazyýet gaýybana kazyýet işine çekilen Saakaşwilini 6 ýyl azatlykdan mahrum etdi we Gruziýada 2 ýyl 3 aý resmi wezipede işlemegini gadagan etdi.

Saakaşwikli halk deputaty Waleri Gelaşwiliniň zamun alynmagy we zulum edilmegi wakasynda wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak we zulum etmek bilen günärkälenýärdi.

Gollandiýada ýaşaýan Mihail Saakaşwili ýanwar aýynda gozgalan başga bir kazyýet işinde hem wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanandygy sebäpli 3 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.

Saakaşwili 2013-nji ýylyň noýbar aýynda ýurduň täze Prezidfenti Georgi Margwelaşwiliniň kasam edip wezipesine başlamagyndan soň Gruziýany terk edipdi

 



Degişli Habarlar