ÝB-e agza 9 ýurt harby güýç döretmegi meýilleşdirýär

Ýewropa Bileleşigine agza 9 ýurt Bileleşikden garaşsyz ýagdaýda krizis zamanynda tiz ýagdaýda hereket edip biljek harby güýç döretmek barada niýet mektubyna gol çekdiler

999892
ÝB-e agza 9 ýurt harby güýç döretmegi meýilleşdirýär

Lýuksemburgda ÝB-e agza ýurtlaryň Daşary işler geňeşi üçin bir ýere jemlenen 9 ýurdyň Goranmak ministrleri “Ýewropanyň Interwensiýa insiatiwasy” diýip atlandyrylan we gyssagly ýagdaýlarda harby güýçleriň iň gysga wagtda herekete geçmegini özünde jemlejek hyzmatdaşlyk taslamasy üçin niýet mektubyna gol çekişdiler.

Fransiýanyň öňbaşçylyk etmeginde ýüze çykan insiatiwa Germaniýa, Belgiýa, Britaniýa, Daniýa, Gollandiýa, Estoniýa, Ispaniýa we Portugaliýa ýaly ýurtlar goşuldy.

ÝB-den çykmak üçin gepleşikler geçirýän Britaniýanyň insiatiwa goşulmagy bolsa ünsleri özüne çekdi.

Insiatiwanyň Britaniýanyň Bileleşigiň düzüminden çykmagyndan soň hem, agza ýurtlar bilen Goranmak pudagy boýunça hyzmatdaşlyk etjekdigi pikir edilýär.

Insiatiwanyň çäginde geçiriljek operasiýalara ýurtlaryň goldaw berip-bermejekligi bolsa milli karar boljakdygy aýdylýar.

ÝB-niň düzüminde 9 ýurdyň beýleki ýurtlardan garaşsyz ýagdaýda hereket edip, goranyş bilen bagly ädim etmek kararlary Bileleşigiň içinde bölünmelere sebäp döretjekdigi bellenýär.


Etiketkalar: #ÝB , #harby güýç , #Fransiýa

Degişli Habarlar