Eýranda ykdysady krizise garşy adatdan daşary ýagdaý yglan etmek barada çagyryş berildi

Eýranyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Mesud Pizişkiýan ykdysady krizis sebäpli adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilmeginiň we ýurdyň welaýat ulgamy bilen dolandyrylmagynyň gerekdigini belledi

999540
Eýranda ykdysady krizise garşy adatdan daşary ýagdaý yglan etmek barada çagyryş berildi

Mesud Pizişkiýan Töwriz şäherinde geçiren metbugat işgärleriniň ýygnagynda: "Häzirki ýagdaýlar göz öňünde tutulanda gangrene öwrülen ykdysady ýagdaýy alyp çykmak üçin adatdan daşary ýagdaý yglan edilmelidir. Galplyga garşy göreşe garşy şular ýagdaýda göreşilmelidir" diýdi. 

Galplygyň öňüne geçmek üçin ýurtda pul dolanşygynyň bellige alynmagynyň gerekdigini aýdan Mesud Pizişkiýan: "Yslam taryhynyň ilkinji döwründe we häzirki döwrebap dünýäde ýola goýulan welaýat dolanşyk ulgamy Eýranda durmuşa geçirilmelidir. Welaýat dolanşyk ulgamy Yslam nusgasydyr. Mundan peýdalanmalydyrys" diýip belledi. 

 



Degişli Habarlar