Russiýa: ABŞ özüniň adam hukuklary bilen bagly abraýyna zarba urdy

Russiýa ABŞ-niň özüniň adam hukuklary bilen bagly abraýyna zarba urandygyny nygtady

996170
Russiýa: ABŞ özüniň adam hukuklary bilen bagly abraýyna zarba urdy

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa metbugat işgärlerine beren beýanatynda ABŞ-ni halkara arenada goşa standart ulanmak bilen günäkärledi. 

ABŞ-li resmileriň öz ýurtlaryndaky adam hukuklary bilen bagly düzgün bozmalara gözlerini ýumýandyklaryny aýdan Zaharowa: "Öz ýurtlaryndaky adam hukuklary bilen bagly düzgün bozmalara gözlerini ýumýarlar, emma şol bir wagtda hem BMG-niň Adam hukuklary geňeşini ýaňadandan şekillendirmek isleýärler" diýdi. 

ABŞ-niň geňeşden çykmak baradaky kararyna haýran galandyklaryny aýdan Zaharowa: "Geňeşden çykmak baradaky karary bilen ABŞ adam hukuklary bilen bagly abraýyna ýene-de bir gezek güýçli ýagdaýda bir zarba urdy. Geňeş şu güne çenli täsirli ýagdaýda iş alyp bardy we ABŞ bolmasada şular ýaly işlemegini dowam etdirer" diýdi. 

 



Degişli Habarlar