“Bosgunlar meselesinde Italiýanyň arkalaşyk talabyna goldaw bereris”

Merkel bilen Konte özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi

995008
“Bosgunlar meselesinde Italiýanyň arkalaşyk talabyna goldaw bereris”

Germaniýanyň Federal kansleri Angela Merkel resmi sapar bilen Berline gelen Italiýanyň Premýer ministri Giuseppe Konte bilen duşuşdy.

Merkel bilen Konte özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

Italiýanyň köp sanly bosguny kabul edendigini aýdan Merkel bu meselede başdan geçirilýän kynçylyklaryň ÝB-niň çäginde seljerilmegini isleýändiklerini nygtady.

Merkel göç tolkunynyň Germaniýa hem ýaramaz täsirini ýetirendigini we Italiýa bilen bu meselede ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek isleýändiklerini belledi.

Merkel “Biz Italiýanyň  bosgunlar meselesindäki arkalaşyk talabyna goldaw berýäris”diýdi.

Italiýanyň Premýer ministri Konte hem göç meselesiniň syýasy, sosýal, ykdysady we hukuk taýdan käbir kynçylyklary ýany bilen alyp gelýändigine İtaliýa bilen Germaniýanyň düşünýändigini we Ýewropanyň bu meselä bolan garaýşynyň üýtgemelidigini aýtdy.

Konte Ýewropanyň göç meselesine bolan garaýşynyň üýtgemeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar