"Palestinanyň halkynyň goralmagyny talap edýän karar adalatyň we halkara hukugyň ýeňişi"

Abbas Palestinanyň halkynyň goralmagyny talap edýän kararyň kabul edilendigi sebäpli BMG-nyň agza ýurtlaryna sag bolsun aýtdy

992294
"Palestinanyň halkynyň goralmagyny talap edýän karar adalatyň we halkara hukugyň ýeňişi"

 

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, BMG-nyň Baş Assambleýasynda Palestinanyň halkynyň goralmagyny talap edýän kararyň kabul edilmegini adalatyň we halkara hukugyň ýeňişi hökmünde häsiýetlendirdi.

Abbas mesele barada Palestinanyň resmi habarlar gullugy WAFA beren beýanatynda, Palestinanyň halkynyň goralmagyny talap edýän kararyň kabul edilendigi sebäpli BMG-nyň agza ýurtlaryna sag bolsun aýtdy.

Türkiýäniň tagallasy netijesinde Alžiriň goldaw bermeginde Palestina taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenşen BMG-nyň Baş Assambleýasynda, ABŞ tarapyndan BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde weto edilen Palestinanyň halkynyň goralmagyny talap edýän karar taslamasy ýaňadandan gün tertibine getirildi we sese goýulşyga hödürlendi.

Karar taslamasy BMG-nyň Baş Assambleýasynda geçirlen sese goýulşykda 120 ses bilen kabul edildi

Karara  ABŞ bilen birlikde 8 ýurt garşy ses berdi, 45 ýurt bolsa ses bermekden saklandy.

 


Etiketkalar: #BMG , #Mahmud Abbas , #sag bolsun

Degişli Habarlar