Gazadaky müňlerçe syrkawyň jany howp astynda

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi ysraýylly resmileriň Gazanyň içine geliý gazynyň salynmagyna rugsat bermändikleri üçin müňlerçe syrkawyň janynyň howp astyndadygyny habar berdi

992496
Gazadaky müňlerçe syrkawyň jany howp astynda

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň Gazadaky hassahanalara geliý gazynyň iberilmegine çäklendirme girizmegi bilen bagly karar barada: “Sebitdäki hassahanalara geliý gazynyň salynmagyna çäklendirme girizilmeginiň MR çekdirmäge mätäç bolan adamlar başda bolmak bilen syrkaw adamlaryň janyna uly howp abanar. Gazada her aý MR çekdirýän adamlaryň sany 3 müňden hem geçýär” diýildi.

Beýanatda Ysraýylyň has köp adamy öldürmek we olary bejergiden mahrum etmek üçin dürli-dürli bahanalar tapýandygy habar berilip: Bu karar Saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerini ýeterlik enjamlardan mahrum etmegi, palestinanyň halkyny nyşana almagy we adamlaryň adaty hukuklaryny zor bilen ellerinden almagy maksat edinýän Ysraýylyň gollanmalarynyň arasynda bardygy bellenilip geçilýär.


Etiketkalar: #Gaza , #hassahana , #syrkaw

Degişli Habarlar