“Geçmiş geljege päsgel bermesin”

Tramp “Halkynyň ýagty geljegi üçin aýgytly ädim äden Kime sag bolsun aýdýaryn” diýdi

991024
“Geçmiş geljege päsgel bermesin”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp taryhy duşuşykdan soň beren beýanatynda ABŞ bilen Günorta Koreýanyň arasynda geçirilýän harby türgenleşigiň bes ediljekdigini we geljekde Günorta Koreýadaky amerikan esgerlerini yzyna çekip biljekdigini aýtdy.

Tramp “Halkynyň ýagty geljegi üçin aýgytly ädim äden Kime sag bolsun aýdýaryn” diýdi.

ABŞ-nyň Demirgazk Koreýa bilen täze sahypa açmaga taýardygyny aýdan Tramp “Geçmiş geljege päsgel bermesin” diýdi.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kimi ukyply hökmünde häsiýetlendiren Tramp, Kimi  Ak Tama çagyrandygyny we Demirgazyk Koreýanyň lideriniň hem çakylygyny kabul edendigini belledi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp özüniň hem Demirgazyk Koreýa sapar gurap biljekdigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar