“DAIŞ Siriýada diňe ABŞ-niň gözegçiligindäki ýerlerde garşylyk görkezýär”

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow terror guramasy DAIŞ-iň Siriýada diňe ABŞ-niň gözegçiligindäki ýerlerde garşylyk görkezýändigini habar berdi

989259
“DAIŞ Siriýada diňe ABŞ-niň gözegçiligindäki ýerlerde garşylyk görkezýär”

Metbugat ýygnagyny geçiren Konaşenkow Siriýadaky ýagdaýy görkezýän karta ünsleri çekip: “DAIŞ-e agza terrorçylaryň Siriýada garşylyk görkezmegini dowam etdirýän ýerler, diňe ABŞ-niň gözegçiligi astyndaky ýerlerdir” diýip mälim etdi.

DAIŞ-iň ABŞ-niň we koalisiýanyň günä diýip häsýetlendirip boljak hereketleri sebäpli ýaýrandygyny aýdan Konaşenkow: “Waşington uzak möhletläp emele getiren topary (ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD-ÝPG) finansirlemäge we millionlarça dollarlyk ýarag ibermäge gönükdi” diýdi.

Igor Konaşenkow ABŞ tarapyndan iberilen ýaraglaryň we ok-därileriň agramaly böleginiň sebitde bar bolan beýleki terror guramalarynyň eline geçendigini habar berdi.



Degişli Habarlar