Ysraýyl Gazada geçirlen ýörişlerde gurlan çadyrlary ýakdy

Ysraýyl Gazada parahatçylykly maksatly geçirlen ýörişleriň çäginde gurlan çadyrlary uçarmansyz howa uçarlary bilen ýakdy

988811
Ysraýyl Gazada geçirlen ýörişlerde gurlan çadyrlary ýakdy

Ysraýyla degişli uçarmasyz howa uçarlary Refah şäheriniň gündogarynda beýik ýörişler üçin gurlan çadyrlary oda berdi.

Uçarmansyz howa uçarlarynyň gazaly ýaşlaryň Nekbäniň 51 ýyllygyna bagyşlanyp şu gün geçiriljek “Millionlyk Iýerusalim” ýörişlerinde ulanmak maksady bilen serhede getirlen tigirleri hem ýakandygy nygtaldy.

Beýleki tarapdan Gabawy bes etmek ýörişi ýokary komiteti tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda “Basyp alyjy Ysraýylyň howa uçarlary bilen ýörişlerde ulanylan tigirleri we çadyrlary oda bermegi, şu gün geçiriljek ýörişden gorkýandygynyň görkezijisidir” diýildi.

 

 

 



Degişli Habarlar