Owganystan Taliban bilen baýramçylyk günlerinde od açmazlyk barada ylalaşdyndygyny öňe sürdi

Owganystanyň hökümeti Taliban bilen baýramçylyk günlerinde od açmazlyk barada ylalaşdyndygyny öňe sürdi

987939
Owganystan Taliban bilen baýramçylyk günlerinde od açmazlyk barada ylalaşdyndygyny öňe sürdi

Owganystanyň hökümeti Oraza baýramy sebäpli terror guramasy Taliban bilen 1 hepdeligine od açmazlyk barada ylalaşandygyny mälim etdi.

Emma hökümet terror guramasy DAIŞ bilen birlikde beýleki terror guramalaryna garşy göreşiň dowam etjekdigini beýan etdi.

Owganystanyň prezidenti Eşref Gani Twitterden beren beýanatynda ylalaşygyň Hijri senenamasyna görä remezan aýynyň 27-nji gününden baýramyň 5-nji gününe çenli dowam etjekdigini habar berdi.

Milady senenamasyna görä bolsa 20-nji iýuna çenli dowam eder.

Talibanyň hökümetiň ylalaşygyny kabul edip-etmedigi bolsa entek bilinenok.



Degişli Habarlar