Putin: “Ýewropa siriýalylara kömek etmeli”

Putin Awstriýanyň döwlet Ýolbaşçysy Aleksander Wander Bellen we Premýer ministr Sebastian Kurz bilen duşuşdy

986792
Putin: “Ýewropa siriýalylara kömek etmeli”

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ýewropanyň Siriýadan we goňşy ýurtlardan gelýän bosgunlaryň sanyny azaltmak isleýän bolsa siriýalylara kömek etmelidigini aýtdy

Wladimir Putin Russi bilen Awstriýanyň arasynda 1968-nji ýylda gol çekişilen tebigy gaz ylalaşygynyň elli ýyllygy mynasybetli Awstriýanyň paýtagty Wenada saparda boldy.

Putin Awstriýanyň döwlet Ýolbaşçysy Aleksander Wander Bellen we Premýer ministr Sebastian Kurz bilen duşuşdy.

Putiniň Kurz bilen geçiren duşuşygynda bosgun akymyny azaltmak isleýän Ýewropalylaryň siriýalylara kömek etmeginiň hökmanydygyny aýtdy.

Duşuşykdan soň iki ýurduň arasyndaky salgyt ygtyýarynyň dowam etdirilmegi we innowasiýalar boýunça hyzmatdaşlyk edilmegi ýaly ugurlarda birnäçe ylalaşyga gol çekişildi.

Putiniň Awstriýa sapary 18-nji martdaky saýlawdan soň daşary ýurda we Ýewropa ýurtlaryna guran ilkinji sapary bolmagy taýdan möhüm hasaplanylýar.



Degişli Habarlar