Putin Kim Ýong-un bilen duşuşyp biler

“Hawa, hakykatdan hem şeýle duşuşyk bolup biler. Duşuşygyň görnüşi we wagty diplomatik kanallar arkaly kesgitlener”

983985
Putin Kim Ýong-un bilen duşuşyp biler

Russiýanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitri Peskow žurnalistleriň Putin bilen Kimiň duşuşyp duşuşmajakdygy baradaky soraglaryna jogap berdi

Peskow: “Hawa, hakykatdan hem şeýle duşuşyk bolup biler. Duşuşygyň görnüşi we wagty diplomatik kanallar arkaly kesgitlener” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow düýn Demirgazyk KOreýa resmi sapar gurap, Russiýa bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejede işjeň derejä göterilmegi üçin ylalaşyk gazanylandygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar