Tramp Meksika serhedinde örülmek islenýän diwar bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp Meksika serhedinde örmek isleýän diwar bilen baglanşykly beýanat bermegini dowam etdirýär

982172
Tramp Meksika serhedinde örülmek islenýän diwar bilen bagly beýanat berdi

Gaçgak bosgun tolkunynyň duruzylmagy üçin Meksikanyň kömek bermeýändigini aýdan Tramp örüljek diwaryň puluny Meksika töletdirjekdigini belledi.

Donald Tramp: “Mesele ýüze çykarmak islemeýärin emma Meksika diwaryň puluny öňi-soňy tölär” diýdi.

Meksikanyň Prezidenti Enrike Penýa Nýetonyň Donald Trampa jogaby bolsa dessine geldi.

Nýeto sosial media hasabyndan: “Prezident Tramp! Ýok. Meksika bu diwaryň puluny tölemez. Hormatlamak bilen Meksika” diýip jogap berdi.


Etiketkalar: #ABŞ , #Donald Tramp , #Meksika , #diwar

Degişli Habarlar