Siriýanyň demirgazygynda bolan partlamalarda asuda ilatdan dört adam ýogaldy

Siriýanyň demirgazygynda oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Idlibde we Jarablusda bolan partlamalarda asuda ilatdan jemi 4 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy

983279
Siriýanyň demirgazygynda bolan partlamalarda asuda ilatdan dört adam ýogaldy

Türkiýäniň Gaziantep welaýatynyň Karkamyş gümrük geçelgesiniň Siriýa tarapynda ýerleşýän Jarablusda bomba ýüklenen motosikl bilen guralan hüjümde asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, 16 adam ýaralandy. 

Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky Idlib welaýatyň Eriha etrabynda ýaşaýyş ýerde bir ulagyň partlamagy netijesinde asuda ilatdan 3 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy. 

Partlamanyň näme sebäpli bolandygy we kim tarapyndan guralandygy derňelýär. 

 



Degişli Habarlar